Sözbaşy
Bismillähirrahmänirrahym
Gör nähili gowy kalba sygmadyk
Duýgylarmy Seniň bilen paýlaşýan
Ýüregimi gije-gündiz ýygladyp
Bu sözleri anyk beýan etmäne
Ylahydan ylham söz gory gerek
Aýdyň hakykaty aýan etmäne
Eý meniň goşgymy okap oturan
Musulman doganym !
Bagyşla meni
Juda ujypsyzja size ýetiren
bujagaz kiçijek kindiwan goşgym
Men öz kalbymdaky Alla söýgimi
Beýan etmek üçin bir goşgy goşdym
Şol söýgimi ak kagyzyň ýüzüne
Sygdyryp bilemok bagyşla meni
Ol söýgi sygmaýar ýeriň ýüzine
Allahym bagyşla meni çünki Sen
Merhenetlileriň merhemetlisi
Rehmetiňe umyt baglap geldim men
Men ejiz biçäre günäli guluň
Günälerni bagyşla eý Allahym
Hemişe zikriňi eýlesin dilim
Allahym sabyr ber ,her kynçylykdan
näletli şeýtanyň waswasasyndan
aldanan adamlaň aldawlaryndan
Durmuş aladasyn ýeňip geçmäge
Sabyr ber Allahym maňa sabyr ber
Nebsiň isleglerin zyňyp geçmäge
Men biçäre ejiz bendä ýardam ber
Seniň razylygyňy gazanmak üçin
Ýogsa ýalançyda ýaşaýyn nüçin
Eý Allahym Öziň maňa ýol görkez
Bize ol behişdiň gapylaryny aç
Ygtyýarsyz gapyl gözlermiz görmez
Seniň eradaň hem rehmiň bolmasa
Dünýe garaňkylyga gaplanar durar
Adly aňlaýanlar adalat görer
Behişt bu nähili ajaýyp ýerdir
Gahar-gazap,ýalançylyk,zulum ýok
Garrylyk ýok
Hassalyk ýok
Ölim ýok
Heniz gözlermiziň görmedik ýeri
Heniz gulagmyzyň eşdip bilmedik
Akylmyzyň aňlap almadyk ýeri
Pygamberler ,weliler hem öwilýäler
Möminler ,şehitler ,barça musulman
Jennetiň işine girirler durman
Eý Allahym
Şol gün
Hasaply günde
Mizanly syratly
azaply günde
Merhemet kyl sorag -jogaly günde
Pygamberler söhmetine gatnaşyp .
Elmydama aladasyz dynçlyk da
Gezerismi baky bagta utgaşyp
Iň esasy beýik Perwerdigäriň
Jemalyn görmek
Neneň bolar Hakyň jemalym görsek?
Şu zatlar barada oýlanan wagtyň
Öziň nädereje pesde durýanyň
Äşgär duýýarsyň
Bes şeýtanyň şerne gulak asylmaz
Alla merhemetli iň mähribandyr
Onuň rehnetinden umyt kesilmez
Gör nähili gowy kalba sygmadyk
Duýgylarmy Seniň bilen paýlaşýan
Ýüregimi gije-gündiz ýygladyp
Bu sözleri anyk beýan etmäne
Ylahydan ylham söz gory gerek
Aýdyň hakykaty aýan etmäne
Eý meniň goşgymy okap oturan
Musulman doganym !
Bagyşla meni
Juda ujypsyzja size ýetiren
bujagaz kiçijek kindiwan goşgym
Men öz kalbymdaky Alla söýgimi
Beýan etmek üçin bir goşgy goşdym
Şol söýgimi ak kagyzyň ýüzüne
Sygdyryp bilemok bagyşla meni
Ol söýgi sygmaýar ýeriň ýüzine
Allahym bagyşla meni çünki Sen
Merhenetlileriň merhemetlisi
Rehmetiňe umyt baglap geldim men
Men ejiz biçäre günäli guluň
Günälerni bagyşla eý Allahym
Hemişe zikriňi eýlesin dilim
Allahym sabyr ber ,her kynçylykdan
näletli şeýtanyň waswasasyndan
aldanan adamlaň aldawlaryndan
Durmuş aladasyn ýeňip geçmäge
Sabyr ber Allahym maňa sabyr ber
Nebsiň isleglerin zyňyp geçmäge
Men biçäre ejiz bendä ýardam ber
Seniň razylygyňy gazanmak üçin
Ýogsa ýalançyda ýaşaýyn nüçin
Eý Allahym Öziň maňa ýol görkez
Bize ol behişdiň gapylaryny aç
Ygtyýarsyz gapyl gözlermiz görmez
Seniň eradaň hem rehmiň bolmasa
Dünýe garaňkylyga gaplanar durar
Adly aňlaýanlar adalat görer
Behişt bu nähili ajaýyp ýerdir
Gahar-gazap,ýalançylyk,zulum ýok
Garrylyk ýok
Hassalyk ýok
Ölim ýok
Heniz gözlermiziň görmedik ýeri
Heniz gulagmyzyň eşdip bilmedik
Akylmyzyň aňlap almadyk ýeri
Pygamberler ,weliler hem öwilýäler
Möminler ,şehitler ,barça musulman
Jennetiň işine girirler durman
Eý Allahym
Şol gün
Hasaply günde
Mizanly syratly
azaply günde
Merhemet kyl sorag -jogaly günde
Pygamberler söhmetine gatnaşyp .
Elmydama aladasyz dynçlyk da
Gezerismi baky bagta utgaşyp
Iň esasy beýik Perwerdigäriň
Jemalyn görmek
Neneň bolar Hakyň jemalym görsek?
Şu zatlar barada oýlanan wagtyň
Öziň nädereje pesde durýanyň
Äşgär duýýarsyň
Bes şeýtanyň şerne gulak asylmaz
Alla merhemetli iň mähribandyr
Onuň rehnetinden umyt kesilmez
Gel musulman gardaşym
Salam ýollaýan size
Al musulman gardaşym
Öýke ýaraşmaz bize
Gel musulman gardaşym
Gel gardaş bäri bakyp
şeýtanyň için ýakyp
Gezmegin gussa batyp
Gül musulman gardaşym
şeýtan aglar güleňde
Bolgyn ýagşy dilegde
Mydam ile görelde
Bol musulman gardaşym
Öýke bizden daş bolsun
Alla bizden hoş bolsun
Hemme dost gardaş bolsun
Gel musulman gardaşym
Halygy salgyn ýada
Gül göwniň bolsun sada
Boş oturma gaýrata
Gal musulman gardaşuym
Ömriň geçdi gaflatda
Besdir Allany ýatla
Gurhan,hadysy ýatlap
Bil musulman gardaşym
Halymullaň ahlagy
Çaýsyn ömriňe many
Bolup Taňry myhmany
Gel musulman gardaşym
Gyza owrat ýaraşýar
Ýigde gaýrat ýaraşýar
Biz mydama garaşýas
Gel musulman gardaşym
Salam ýollaýan size
Al musulman gardaşym
Öýke ýaraşmaz bize
Gel musulman gardaşym
Gel gardaş bäri bakyp
şeýtanyň için ýakyp
Gezmegin gussa batyp
Gül musulman gardaşym
şeýtan aglar güleňde
Bolgyn ýagşy dilegde
Mydam ile görelde
Bol musulman gardaşym
Öýke bizden daş bolsun
Alla bizden hoş bolsun
Hemme dost gardaş bolsun
Gel musulman gardaşym
Halygy salgyn ýada
Gül göwniň bolsun sada
Boş oturma gaýrata
Gal musulman gardaşuym
Ömriň geçdi gaflatda
Besdir Allany ýatla
Gurhan,hadysy ýatlap
Bil musulman gardaşym
Halymullaň ahlagy
Çaýsyn ömriňe many
Bolup Taňry myhmany
Gel musulman gardaşym
Gyza owrat ýaraşýar
Ýigde gaýrat ýaraşýar
Biz mydama garaşýas
Gel musulman gardaşym
Kalpnama 1
Ýaşaýas myhmanhanada
Jan amanat boglyp barýar
Kimsäniň gözi hanada
Kemse pespäl eglip barýar
Unudylan umytlarym
Asla-asla unytmaryn
Sekuntlarym,minutlarym
Meni göre eltip barýar
Ýyllar uzak ,ýollar inçe
Barmykan heý nadan bizçe
Ýaşaýas ýaşadygmyzça
Aladalar artyp barýar
Gün geçer galar ýatlama
Ýatlama siňer ýatlara
Gaplanmagyn göz ýaşlara
Gerçek bagt ýetip gelýär
Ýaşaýas myhmanhanada
Jan amanat boglyp barýar
Kimsäniň gözi hanada
Kemse pespäl eglip barýar
Unudylan umytlarym
Asla-asla unytmaryn
Sekuntlarym,minutlarym
Meni göre eltip barýar
Ýyllar uzak ,ýollar inçe
Barmykan heý nadan bizçe
Ýaşaýas ýaşadygmyzça
Aladalar artyp barýar
Gün geçer galar ýatlama
Ýatlama siňer ýatlara
Gaplanmagyn göz ýaşlara
Gerçek bagt ýetip gelýär
Kalpnama 2
-Ylym nirde?
-Her ýerde
Ylym -biziň dünýämiz
Biz kämil hem bagtyýar
Dolanmajak dünýä biz
Hak bize peşgeş berdi
Iman atly galany
Şol galada goranýas
Başdan sowýas belany
Hak bize peşgeş berdi
Ylym atly merjeni
Biz bu ýoluň bürgidi
Biz bu ýoluň mergeni
Hak bize söýgi berdi
Şatlyk hem gaýgy berdi
Onyň nygmatlaryny
Soňlamaz goşgy bendi
Sanap soňlap bolmaýar
Hakyň bar nygmatlaryn
Duýgynyň sen durmuşyň
Dadymlyk nygmatdygyn
-Ylym nirde?
-Her ýerde
Ylym -biziň dünýämiz
Biz kämil hem bagtyýar
Dolanmajak dünýä biz
Hak bize peşgeş berdi
Iman atly galany
Şol galada goranýas
Başdan sowýas belany
Hak bize peşgeş berdi
Ylym atly merjeni
Biz bu ýoluň bürgidi
Biz bu ýoluň mergeni
Hak bize söýgi berdi
Şatlyk hem gaýgy berdi
Onyň nygmatlaryny
Soňlamaz goşgy bendi
Sanap soňlap bolmaýar
Hakyň bar nygmatlaryn
Duýgynyň sen durmuşyň
Dadymlyk nygmatdygyn
Metjide gel metjide
Her gün tähäret alyp
Metjide gel metjide
Allany ýada salyp
Metjide gel metjide
Gel sogap aljak bolsaň
Bagtly boljak bolsaň
Din,iman biljek bolsaň
Metjide gel metjide
Gel Metjide ýadaman
Diýme
Bolyp mydam şadyýan
Metjide gel metjide
Boş geçirme wagtyňy
Gora iman tagtyňy
Taparsyň öz bagtyňy
Metjide gel metjide
Mynajat kyl Hudaýa
Hemaýat kyl gedaýa
Ömriň bolmasyn zaýa
Metjide gel metjide
Gerçek ýagşa et höwäs
Abraýyň artar has
Dünýlikden bol halas
Metjide gel metjide
Her gün tähäret alyp
Metjide gel metjide
Allany ýada salyp
Metjide gel metjide
Gel sogap aljak bolsaň
Bagtly boljak bolsaň
Din,iman biljek bolsaň
Metjide gel metjide
Gel Metjide ýadaman
Diýme
Bolyp mydam şadyýan
Metjide gel metjide
Boş geçirme wagtyňy
Gora iman tagtyňy
Taparsyň öz bagtyňy
Metjide gel metjide
Mynajat kyl Hudaýa
Hemaýat kyl gedaýa
Ömriň bolmasyn zaýa
Metjide gel metjide
Gerçek ýagşa et höwäs
Abraýyň artar has
Dünýlikden bol halas
Metjide gel metjide
Namaz
Iki dünýäň bolar ýaz
Her gün okagyn namaz
Günäleriň bolar az
Her gün okagyn namaz
Oka namazňy goýman
Hem yssy sowuk diýmän
Melgun şeýtana uýman
Her gün okagyn namaz
Namaz diniň diregi
Günäleriň goragy
Müňkir -Nekir soragy
Bolar bäş wagt namaz
Bolma nadan bir bende
Ahyrýetde şermende
Gerçeknazar her günde
Oka bäş wagt namaz
Iki dünýäň bolar ýaz
Her gün okagyn namaz
Günäleriň bolar az
Her gün okagyn namaz
Oka namazňy goýman
Hem yssy sowuk diýmän
Melgun şeýtana uýman
Her gün okagyn namaz
Namaz diniň diregi
Günäleriň goragy
Müňkir -Nekir soragy
Bolar bäş wagt namaz
Bolma nadan bir bende
Ahyrýetde şermende
Gerçeknazar her günde
Oka bäş wagt namaz
Ylahy
Barýan huzurňa günäli
Ellerim boş,gözim ýaş
Allam bagyşla günämi
Bizi otdan eýle daş
Indir soňsyz rehnetiňden
Dyndyr gazap mähnetiňden
Nesip eýle Jennetiňden
Jähennemden eýle daş
Jemagatda goldaşym Sen
Ýalňyzlykda ýoldaşym Sen
Ýürekdeşim,syrdaşym Sen
Syrmy ile etme paç
Ýüzgara men günäm çoh
Guwanmana güwäm ýok
Eýle kalbym,gabrym päk
Rehmiňden joş
Ýa Ýoldaş!
Barýan huzurňa günäli
Ellerim boş,gözim ýaş
Allam bagyşla günämi
Bizi otdan eýle daş
Indir soňsyz rehnetiňden
Dyndyr gazap mähnetiňden
Nesip eýle Jennetiňden
Jähennemden eýle daş
Jemagatda goldaşym Sen
Ýalňyzlykda ýoldaşym Sen
Ýürekdeşim,syrdaşym Sen
Syrmy ile etme paç
Ýüzgara men günäm çoh
Guwanmana güwäm ýok
Eýle kalbym,gabrym päk
Rehmiňden joş
Ýa Ýoldaş!
Ýüregimde ýaşaýaň
Unutmaryn uzaklarda bolsaňda
Çünki sen meň ýüregimde ýaşaýaň
Bu gün özgäň gujagyna dolsaňda
Ýene saňa bagt diläp ýaşaýan
Geregim sen ýüregim sen janym sen
Janda ruhum ,damarymda ganym sen
Seni nädip beýle söýip bildim men
Indi diňe bir sen diýip ýaşaýan
Gerçeknazar aýdar sensiň mydarym
Aýt sensiz bu derde nädip çydaryn
Boldy besdir galmady meň kararym
Menem adam,düşün menem ýadaýan
Unutmaryn uzaklarda bolsaňda
Çünki sen meň ýüregimde ýaşaýaň
Bu gün özgäň gujagyna dolsaňda
Ýene saňa bagt diläp ýaşaýan
Geregim sen ýüregim sen janym sen
Janda ruhum ,damarymda ganym sen
Seni nädip beýle söýip bildim men
Indi diňe bir sen diýip ýaşaýan
Gerçeknazar aýdar sensiň mydarym
Aýt sensiz bu derde nädip çydaryn
Boldy besdir galmady meň kararym
Menem adam,düşün menem ýadaýan
Ýylgyrsana ejemjan
Ýylgyrsana ejemjan
Sen ýylgyran mahalyň
Gaýgy -gussam azalyp
Ýom-ýok bolýar gaharym
Mähribanym ejemjan
Seň mährimden doýma ýok
Eneleriň wasbyny
Asla dilden goýma ýok
Ýylgyrsana ejemjan
Ýylgyrşyň derde derman
Nädip oňaýyn indi
Iki ýyl seni görmän
Uzak ýaşa jan käbäm
Ýüzňe düşmesin gasyn
Gullyk borjymy haklap
Ýanňa bararyn basym
Gerçeknazar Amannazarow
Ýylgyrsana ejemjan
Sen ýylgyran mahalyň
Gaýgy -gussam azalyp
Ýom-ýok bolýar gaharym
Mähribanym ejemjan
Seň mährimden doýma ýok
Eneleriň wasbyny
Asla dilden goýma ýok
Ýylgyrsana ejemjan
Ýylgyrşyň derde derman
Nädip oňaýyn indi
Iki ýyl seni görmän
Uzak ýaşa jan käbäm
Ýüzňe düşmesin gasyn
Gullyk borjymy haklap
Ýanňa bararyn basym
Gerçeknazar Amannazarow